Kärhana barada
"Türmenawtoulaglary" agentiliginiň Balkan awtoulag" Önümçilik birleşigi (mundan beýläk "Birleşik" diýip atlandyrylýar)
"Kärhanalar hakynda " Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 7-nji fewralyndaky 653-nji Permanyny we 1634-nji kararyna, "Türkmenawtoulaglary" agentiliginiň 2020-nji ýylyň 8-nji fewralyndaky 01-Ö belgili buýruguna laýyklykda gaýtadan resmileşdirdi.
Birleşik doly hojalyk hasaplaşyklary, öz-özüni maliýeleşdirmek we öz-özini dolandyrmak ýörelgesini amala aşyrýar. Birleşik Ýuridiki şahslaryň hukuklaryndan peýdalanýar, "Kärhanalar hakynda" Türkmenistanyň Kanuny esasynda öz işi bilen baglanyşykly hukuklardan peýdalanýar hem-de borçnamalaryny ýerine ýetirýär, özbaşdak maliýe hasabaty, bank edaralarynda hasaplaşyk hasaby, emlägi, Türkmenistan döwlet tugrasy şekillendirilen öz we Esaslndyryjynyň doly ady ýazylan möhüri, möhürçileri, hatnamasy bar. Birleşik, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministirliginiň Edara görnüşindäki taraplary we maýa goýum taslamalaryny döwlet tarapyndan hasaba almak müdirliginde 2015-nji ýylyň 23-nji aprelinde 25765577 belgili şahadatnama bilen hasaba alnan "Balkanawtoulag" Önümçilik birleşiginiň ähli hukuklarynyň we borçlarynyň hukuk oruntutarydyr.